Hormatly musderilerimiz!

Hormatly müsderilerimiz! Bölüp berlen ragioýygylyk geriminin we käbir beýleki zerur bolan serisdelerin ulanylmagy üçin rugsatnamanyn hereket edýän möhletinin uzaltmakdan ret etmegi sebäpli Türkmenistanda hereket edýän degisli kanunçylygynyn talaplaryna laýyklykda «MTS-TM» HJ-i tarapyndan müsderilerine aragatnasyk hyzmatlaryny üpjün edilmegi 29.09.2017-nji ýyl senesinden togtadyldy. Aragatnasyk hyzmatlarynyn wagtlaýyn ýok bolmagy möhletinin dowamynda adynyzdaky müsderi belgilileriniz, birikdirilen hyzmatlary we hasaplarynyzda bar bolan pul serisdeleri adynyzda saklanyp durar. 2017-nji ýylyn oktýabr aýynyn 16-dan baslap müsderilerimiz, hasaplarynyzda bar bolan ulanylmadyk pul serisdelerinin, seýle-hem isjenlesdirilmedik ekspress töleg kartalary üçin pul serisdelerinin arza boýunça yzyna gaýtarylmagyny resmilesdirip bilerler. Munun üçin Siz, asakda berlen salgylara boýunça «MTS-TM» HJ-inin ofislerine ýüz tutmaly er bellenilen nusgada arza bermeli. Hasabynyzdaky pul serisdeleri gaýtarylyp berlende, müsderi belginiz saklanyp galýar we, hyzmatlar gaýtadan üpjün edilmäge baslananda Siz ony ulanyp bilersiniz. Pul serisdelerinin yzyna gaýtarylmagy dine müsderinin ofise hut özünin gelmegi we pasportyny görkezmegi bilen, özüne hyzmat edýän bankyndaky hasaplasyk hasaby / kartoçka hasaby görkezilenden son (ekspress töleg kartalarynyn yzyna gaýtarylmagy ýagdaýynda ol kartalaryn hakyky bar bolmagy zerurdyr), nagt däl görnüsde, möçberleri boýunça çäklendirmesiz sekilde müsderinin bank kartasyna ýa-da bankdaky hasaplasyk hasabyna geçirmek arkaly amala asyrylýar. «MTS-TM» HJ hususy edaralarynyn salgylary: